2025-nji ýyla çenli temmäki önümlerinden saplanmagy meýilleşdiren Türkmenistanda nas söwdasyna garşy göreş batlanýar. Şu günler häkimiýetler Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda nas söwdagärlerini we nas atýan adamlary nyşana alýar.
“Ahal welaýatynda nas söwdasyna garşy reýdler geçirilýär. Tejen etrabynda ençeme nas söwdagäri tussag edildi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler 27-nji awgustda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Bikanun nas söwdasynda güman edilip tussag edilen ýerli ýaşaýjylaryň arasynda 3-4 gün bäri tussaglykda saklanýan adamlar bar. Şeýle-de, çeşmelere mälim bolan maglumatlara görä, olaryň arasynda häkimiýetlere uly möçberlerde para berip, tussaglykdan halas bolan söwdagärler hem bar.
Temmäkisiz Türkmenistan şygary astynda saglyk maksatnamalary durmuşa geçirilen ýurtda köp ýyllyklaryň dowamynda temmäki önümleri çäklendirilip, hususan-da, çilimiň söwdasy gysyldy, bahalar gymmatlady. Bu ýagdaý ýerli ýaşaýjylara görä, ilat arasynda nas önümleriniň meşhurlygynyň artmagyna alyp geldi.
Nas atýan adamlar 'köpelýär'
Ýagdaýdan habarly çeşmeler şu günler hatda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda, döwlet gullukçylarynyň, hatda prokuratura işgärleriniň arasynda hem nas atýan adamlaryň köpelendigini aýdýarlar.
“Bäş ýyl öňki ýagdaýlar bilen deňeşdirilende, häzirki wagtda ýurtda çilim çekýän adam tas galmady diýseňem boljak. Öňler günde 1-2 guty çilim çekýän adamlar ýa nas atmaga başlady, ýa mahorka geçdi, ýa-da daşary ýurtlara göçdüler” diýip, temmäki önümleriniň söwdasyndan habarly bir ahally ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenistanda on ýyla golaý wagt mundan ozal temmäki önümleriniň söwdasy resmi görnüşde berk çäklendirilip başlandy. Temmäki önümlerini getirmäge we satmaga degişli ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.
Aradan geçen wagtyň dowamynda çilim söwdasy barha gysylyp, oňa degişli gümrük paçlary we beýleki tölegler yzygiderli görnüşde ýokarlandyryldy.
Bu ýagdaý, ýerli ýaşaýjylara görä, ilat arasynda nasa bolan talaplary güýçlendirdi.
“Häzir polisiýa işgärleri bazarlarda we köpçülik ýerlerinde nobatçylyk çekýär. Jemgyýetçilik ýerlerinde nas atýan adamlar polisiýa bölümine alnyp gidilýär” diýip, tejenli birnäçe ýaşaýjy aýdýar.
Häkimiýetler jemgyýetçilik ýerlerinde nas atyp tutulan adamlardan temmäki önümini nirelerden satyn alandyklaryny anyklaýarlar.
Galyberse-de, ýerli çeşmeler günorta sebitde temmäki ösdürip ýetişdirýän hojalyklaryň hem anyklanýandygyny, olaryň hem häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýandygyny aýdýarlar.
Tussag edilenleriň ykbaly
Ýöne bar bolan maglumatlara görä, nas söwdasynda güman edilip, ele salnan adamlaryň arasynda uly möçberlerde para berip, jogapkärçilige çekilmekden halas bolýan adamlaram bar.
“Meniň ýanymdan 60 kilograma golaý nas çykdy” diýip, özüniň ýaňy-ýakynda gysga möhletli tussaglykdan boşandygyny aýdýan bir tejenli ýaşaýjy gürrüň berýär.
“Men bir tanşyma çykyp, onuň tanşynyň üsti bilen häkimiýetlere 100 müň manat möçberinde para berdim. Şeýdip, halas bolmagy başardym. Ýöne häzirlikçe nas söwdasyndan daşda dur diýdiler,ýagdaýlar ýatyşsa özümiz habar ederis, onsoň ýene başlaberersiň diýdiler” diýip, çeşmeler golaýda gysga möhletli gabawlykdan çykmagy başaran tejenli nas söwdagärini sitirleýärler.
“Ele salnan käbir nas söwdagärlerinden 10 müň dollara çenli para soraýarlar” diýip, çeşmeler aýdýar we bu ýagdaýa olaryň tanyş tapyp bilmezliginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
Günorta sebitde temmäki önümlerine garşy güýçlendirilen göreş gündogar Lebap welaýatynyň nas bazarynda içerki göreşiň batlanýan pursatlaryna gabat gelýär.
Reýdleriň 'mümkin bolan sebäpleri'
Ýatlasak, geçen hepdäniň dowamynda Azatlyk Radiosynyň habarçylar Türkmenistanda söwdasy gadagan edilen nasyň gara bazarlaryndaky hereketleriň güýçlenýändigini habar berdiler.
Şonda Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde, aýry-aýrylykda gürleşen birnäçe çeşme iýul aýyndan bäri polisiýanyň ýurduň dürli ýerlerinde nas söwdagärlerine garşy giň gerimli reýdleri geçirýändigini gürrüň berdiler.
Nas we temmäki önümlerini sarp edýän birnäçe tejenli ýaşaýjynyň sözlerine görä, ýurtda nas söwdasyna garşy soňky wagtlarda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan göreş häkimiýetleriň çilim söwdasyny gaýtadan dikeltmek synanyşygy bilen ilteşdirilýär.
“Häzir nas söwdasyny gyssak çilim söwdasynyň öňüni açarys diýip, pikir edýärler. Ol ýalňyş. Adamlar çilim gymmatçylygyndan soň, nasa geçdiler. Indi, bular nasy gysyp, çilim söwdasyny açarys öýdýärler” diýip, tejenli ýaşaýjy aýtdy.
Türkmenistanda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan goşmaça gümrük tölegleri 93 göterimden 116 göterime ýokarlandyryldy.
Şondan bir ýyl soň, degişli sanlar 116 göterimden 145 göterime çenli artdyryldy.
Ýöne ýerli ýaşaýjylaryň arasynda nas söwdasynyň gysylmagynyň mümkin bolan sebäplerini başga ýagdaýlar bilen baglanyşdyrýan adamlaram bar.
“Bular kiçi nas söwdagärlerini gysyp, iri söwdagärleriň öňüni açmakçy bolýar” diýip, beýleki bir tejenli ýaşaýjy pikir ýöretdi.
Her niçik-de bolsa, ýerli häkimiýetler özleriniň gaýtadan bat berýän çäreleri boýunça beýanat bermeýärler. Şeýle çäreler döwlet telewideniýesinde köplenç ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berjaý edilmegi hökmünde düşündirilýär.
Nas atmak endigi Merkezi Aziýa ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda köplenç erkekleriň arasynda giň ýaýran endik bolup, nas köplenç haltajyklarda satylýar.
Mundan ozal, şu ýylyň fewral aýynda ýurduň demirgazyk Daşoguz welaýatynda nas söwdagärlerine garşy göreşiň güýçlenendigi mälim bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär
Forum