
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri prezident Wolodymyr Zelenskini Ukrainanyň 24-nji awgustda bellenilýän Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar. "Fergana" neşiri bu gutlaglaryň ukrain lideriniň olara beren jogabyndan belli bolandygyny belleýär.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymy Zelenski özüniň X.com sosial ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özüni gutlan prezidentleriniň hemmesine, şol sanda türkmen prezidentine mähirli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirdi.
"Sizi we Ukrainanyň ähli halkyny milli baýramçylyk - Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Däp bolan dostluga we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk hem halklarymyzyň bähbidine ösjekdigine ynanýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size saglyk, maşgala bagtyny, jogapkärçilikli işiňizde üstünlik, Ukrainanyň halkyna parahatçylyk we gülläp ösmegi arzuw edýärin“ diýip, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen gutlagynda aýdylýar.
Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew hem ukrain kärdeşini ýurt garaşsyzlygy bilen gutlap, öz arzuwlaryny ýollapdyr:
"Hormatly Wladimir Aleksandrowiç! Men Sizi Ukrainanyň milli baýramy - Garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu dabaraly günüň esasy ýörelgeleriniň ýurduňyzyň abadançylygynyň, özygtyýarlylygynyň we jebisliginiň sarsmaz binýady bolmagyny dowam etdirmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin" diýip, gazak lideri ýazýar.
Şeýle-de, ol Gazagystan bilen Ukrainanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan dostluk we özara düşünişmek ruhunda ösmegini dowam etdirmegine umyt baglaýar.
"Jenap Prezident, pursatdan peýdalanyp, Size jogapkärçilikli işiňizde üstünlik, Ukrainanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin" diýip, Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew gutlagynda aýdylýar. Akorda onuň Zelenskä gutlag iberendigini habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti mundan öň Zelenskini 2023-nji ýylyň 23-nji awgustynda gutlapdy.
"Siziň Alyhezretiňiz! Men Sizi we Siziň ýurduňyzyň ähli adamlaryny Ukrainanyň garaşsyzlyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Pursatdan peýdalanyp, Size saglyk, abadançylyk we döwlet işlerinde üstünlik arzuw edýärin" diýip, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň telegrammasynda aýdylýar.
"Prezident Berdimuhamedow, Ukrainanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin. Siziň Ukrainanyň territoriýasy babatyndaky pozisiýaňyza, ukrain çagalaryna iberilen ynsanperwer kömege we halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini hem-de BMG Düzgünnamasyny berjaý etmekdäki raýdaşlygyňyza gadyr-gymmat goýýaryn“ diýip, ukrain prezidentiniň jogabynda aýdylýar.
Berdimuhamedowyň ukrain liderine iberen gutlagy türkmen metbugatynda çap edilmedi.
Ukraina 24-nji awgustda ýurt garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyny baýram etdi.