Russiýanyň, Belarusyň we beýleki daşary ýurtlaryň ÝOJ-larynda halkara gatnaşyklar, ýurisprudensiýa ugurlary boýunça okuwyny tamamlap Türkmenistana dolanan ýaşlar MHM-niň işgärleriniň basyşyna duçar bolýar we soraga çekilýär.
Güýç edaralarynyň daşary ýurtlarda bilim alan ýaş türkmenistanlylary yzarlamagy bilen bagly ýagdaýlar şu tomsuň dowamynda ýüze çykypdyr. Okuwyny tamamlap, öz ýurduna dolanan ýaş hünärmenleriň köpçülikleýin soraga çekilmegi barada ýaşlaryň beren habaryny kanun goraýjylar hem tassyklady.
“Goňşylar [MHM işgärleri] özüniň aýybyny gizlemek üçin elmydama biziň edaramyzda öz 'operasiýalaryny' geçirýärler. Orsýetde ýuristçiligi tamamlan ýaş oglanjygy ýüzüne suw sepip soraga çekdiler” diýip, Lebabyň polisiýasyndaky çeşme iýul aýynyň başlarynda bolan ýagdaý barada gürrüň berdi.
Türkmenistanyň güýç edaralary tarapyndan soraga çekilen türkmen ýaşlarynyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatlaryna görä, daşary ýurtlarda bilim alyp, öz ýurdunda işe ýerleşip bilmedik ýaş hünärmenleriň tussag edilmegine we gysyşa duçar bolmagyna olaryň öz kanuny haklaryny talap edip, suda ýüz tutmagy bilen bagly ýagdaýlaryň köpelmegi sebäp bolupdyr.
Lebabyň wagtlaýyn tussaghanasynda 15 gije-gündiz saklanyp, daşary ýurda çykyp gaýdan türkmenistanly öz başdan geçirenlerini şeýle gürrüň berdi.
“Belarusda hem-de Russiýada ýurisprudensiýa we halkara gatnaşyklary ugrundan bilim alyp dolanan ýaşlar diplomlaryny tassykladanlaryndan soňra ýurduň çäginde iş tapyp bilmeýärler. Ýaşlaryň arasynda işe almakdan ýüz öwüren edaralardan arz edip, suda ýüz tutýanlaryň sany köpelýär. Men hem meni işe almakdan ýüz öwüren döwlet edarasyny suda berdim. Iki günden soň MHM gelip meni öýümden alyp gitdi we wagtlaýyn tussaghana zyňdy. Kamerada edil meniň ýaly suda beren 4 sany oglan bardy. Biziň dördümizi hem şäher sudyna alyp gitdiler we administratiw Kodeksiň 345-nji maddasy esasynda saklap, günde diýen ýaly soraga çekdiler”.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan bu çeşme MHM-niň basyşlary astynda iki hepde gowrak wagtlap dowam eden tussaglykdan soň suda beren arzasyny yzyna alandygyny aýdýar. MHM-niň işgärleri onuň elinden suduň kararyny alypdyr.
“Elimden karary aldylar. Daşary ýurda giden ýagdaýymda daşary ýurtlarda gaçybatalga soramaga elimde delil bolmasyn diýip edilene meňzeýär” diýip, türkmenistanly aýdýar.
Türkmenistanda soraga çekilen ýaşlaryň sözlerine görä, güýç gulluklary ýaş hünärmenlere berýän soraglary bilen olaryň daşary ýurtlarda ýaşaýan syýasy aktiwistler, oppozisionerler we erkin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşygynyň bolup-bolmazlygyny anyklamaga synanyşýar.
“Maňa bir topar nätanyş ýaşulylaryň suratlaryny görkezdiler: 'Şu haýwanlar bilen sataşýaňmy? Şulardan öwrendiňmi hökümete garşy gitmegi?' diýip, üstüme gygyryp, ýüzüme şarpyk urup soraga çekdiler. Telefony barlap başladylar. 15 günden soň goýberdiler. Ondan soň karz alyp, para bermeli ýerlere berip, tiz ýurtdan çykdym" diýip, çeşme gürrüň berdi.
Mundan öň Türkmenistanda Russiýada we Belarusda okan ýaş ýuristleriň işe ýerleşip bilmeýändigi belli bolupdy. Şeýle-de, daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny tamamlap, öz ýurduna dolanan ýaşlaryň okan ugurlary tapawut etmezden, iş tapmakda kynçylyk çekýändigi we diplomlaryny tassykladyp bilmeýändigi habar berlipdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda daşary ýurt bilimini ykrar etmegiň düzgünlerini gaýtadan kesgitledi we şonda ýokary okuw jaýlarynyň sanawy döredildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt uniwersitetleri tarapyndan berlen 146 ugur boýunça diplomlaryň ykrar edilmejegini yglan etdi, ýöne şol bir wagtda dünýäniň abraýly sanawlaryndaky ilkinji müňlige girýän uniwersitetleriň diplomlarynyň tassyklanjakdygy aýdyldy.
Türkmenistanly ýaşlar ýokary bilim almak üçin esasan Russiýany, Türkiýäni we käbir postsowet ýurtlary saýlap alýar. Käbir sanlara görä, Russiýada 30 müňden gowrak, Türkiýede 17 müň çemesi we Belarusda 8 müň 700 çemesi türkmenistanly okaýar.
Daşary ýurtlarda okap, öz ýurdunda iş tapyp bilmeýän raýatlaryň kynçylyklary barada resmi teswir bermeýän türkmen häkimiýetleri ýaşlary ýurdy terk etmezlige we daşary ýurtlara okuwa gitmezlige çagyryp, ündew işlerini geçirýär. Ýokary synp mekdep okuwçylary bilen ýygnaklar geçirilýär we olar daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmazlyga ugrukdyrylýar.
Türkmenistanyň özünde mekdebi tamamlan ýaşlaryň sanyna görä, okuw jaýlaryndaky orunlaryň azlygy we uly möçberli para ýaşlaryň bilimli bolmak mümkinçiliklerini berk çäklendirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum