25-nji awgustda bir erkek Almaty halkara howa menziliniň T1 içerki uçuş terminalynda özüni otlamaga synanyşdy diýip, Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
"Polisiýa işgärlerim, howa menziliniň howpsuzlyk gullugy bilen bilelikde, derrew zerur bolan howpsuzlyk çärelerini gördüler. Olar ýangyny öçürdiler we tiz kömek brigadasyny çagyrdylar. Erkek şäher keselhanasyna äkidildi" diýip, habarda aýdylýar.
“Tengrinews” neşiriniň Transport polisiýasyna salgylanyp ýazmagyna görä, "bu hereketiň sebäbi ol erkegiň öz ýaşaşýan aýaly bilen arasynda dörän şahsy konflikt" bilen bagly.
Pidanyň ýerleşdirilen ýerinde, 4-nji şäher kliniki hassahanasyny reanimasiýa bölüminde ertesi gün beren habara görä, onuň ýagdaýy agyr bolmagynda galýar.