Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekler medeni-ynsanperwer ulgamlarda Daşkentden 'haraý soraýar'


Gazagystanda Özbegistanyň medeniýet günleri geçirilýär. Arhiw suraty. Illýustrasiýa hökmünde ulanyldy. 26-njy sentýabr, 2015 ý. Şymkent şäheri. Gazagystan.
Gazagystanda Özbegistanyň medeniýet günleri geçirilýär. Arhiw suraty. Illýustrasiýa hökmünde ulanyldy. 26-njy sentýabr, 2015 ý. Şymkent şäheri. Gazagystan.

Türkmenistanda ýaşaýan özbek azlyklary Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyny özlerine arka çykmaga, hususan-da wiza meselelerini ýeňletmäge, şeýle-de bolýan ýurtlarynda özleriniň bilim we medeniýet hukuklarynyň goragynda çykyş etmäge çagyrýarlar.

"Gynansak-da, [Aşgabatdaky] özbek ilçihanasy esasanam bilim, medeniýet we sungat pudaklarynda özbek halkynyň milli däp-dessurlaryna we milli bähbitlerine gabat gelýän oňyn işleri alyp baranok" diýip, Türkmenistandaky özbek diasporasynyň bir wekili howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol bu ugurda Russiýa, Eýran, Gazagystan, hatda Täjigistan ýaly ýurtlaryň Aşgabatdaky wekilhanalarynyň öz diasporalaryna gönükdirip, alyp barýan işlerini görelde görkezdi.

"Golaýda Aşgabatdaky rus ilçihanasynyň howandarlygyndaky Rus öýünde Russiýanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirilen dabarada Türkmenistanyň raýatlary bolan etniki ruslar rus baýdagyny baýdak sütünine galdyrdylar. Türkmen häkimiýetleri rugsat berýär, göz ýumýar..." diýip, türkmenistanly özbek intelligensiýa wekili aýdýar.

Türkmenistandaky özbek azlyklary, meselem, Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkeziniň onlarça ýyl bäri guramalaşdyrýan pars dili kurslaryna, hatda Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň, şeýle-de Türkmenbaşy şäherindäki konsulhanasynyň bu ýurtda ýaşaýan gazak azlyklaryna niýetläp guramalaşdyrýan medeni duşuşyklaryna özleriniň “gözi gidijilik bilen garaýandyklaryny” aýdýarlar.

'Özge ilçihanalar kowumdaşlaryna arka çykýar'

"Biziňkiler [Aşgabatdaky özbek diplomatlary] bolsa, Türkmenistandaky özbek azlyklary boýunça, hususan-da, medeni-ynsanperwer ulgamlarda kanagatlanarly iş alyp barmaýarlar" diýip, özbek intelligensiýa wekili aýtdy.

Olar goňşy ýurtdan özleriniň ata watanlaryna syýahat etmekde bar bolan päsgelçiliklere, wiza problemalaryna salgylanýarlar, bu meselede hem özge ýurtlaryň Aşgabatdaky ilçihanalarynyň öz kowumdaşlaryna hödürleýän mümkinçiliklerini görelde görkezýärler.

Maglumata görä, Gazagystan Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklara niýetläp, ýörite wizalary resmileşdirip berýär; bu ýurtdan hemişelik göçmek isleýän etniki gazaklara-da hemaýat berilýär.

Russiýadaky özbek azlyklary medeni çäre geçirýär. Arhiw suraty. Moskwa. 2015 ý.
Russiýadaky özbek azlyklary medeni çäre geçirýär. Arhiw suraty. Moskwa. 2015 ý.

Özbek azlyklary goňşy Gazagystanyň öz kowumdaşlaryna hödürleýän ýeňilliklerine oňyn baha berip, özbek häkimiýetleriniň hem bu ugurda herekete geçmegine çagyryş edýärler.

"Özbegistanyň Türkmenistandaky konsullugy pul işlemekden başga meseläni pikir etmeýän ýaly bolup görünýär" diýip, özbek diasporasynyň beýleki bir wekili, daşoguzly bir telekeçi aýdýar.

"Türkmenistan bilen arada berk wiza düzgünleri öz güýjünde galýar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.

Gazagystanyň 'Kandas', Özbegistanyň 'Watandaş' wizalary

Gazagystan daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan etniki gazaklara niýetläp, 'Kandas' maksatnamasyny durmuşa geçirýär. Şeýle maksatnamanyň çäklerinde, özge ýurtlardaky etniki gazaklar, isleg bildirseler, öz ýurtlaryna hemişelik dolanyp bilýärler.

Aslynda, Özbegistan hem daşary ýurt döwletlerinde ýaşaýan etniki özbeklere niýetläp, Gazagystanyň hödürleýän 'Kandas' maksatnamasyna meňzeş başga bir wiza mümkinçiligini, 'Watandaş' wizasyny hödürleýär.

Bu wizanyň iki ýyl möhleti bolup, ol daşary ýurt raýatlary bolan hem-de Özbegistan bilen maşgala gatnaşyklaryny saklap galýan etniki özbeklere we olaryň maşgala agzalaryna çakylyk esasynda berilýär.

Ýöne Türkmenistanda 640 müň çemesi etniki özbek ýaşaýar. Olar Özbegistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan hödürlenýän 'Watandaş' wizalarynyň özlerine degişli däldigini aýdýarlar.

Özbek azlyklary Daşoguz we Lebap welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýarlar. Resmi statistikalara görä, demirgazyk sebitde 490 müň çemesi, gündogar sebitde 136 müň çemesi özbek ýaşaýar. Olardan 470 müň sanysy öz ene dilini özbek dili hökmünde, 170 müň sanysy bolsa öz ene dilini türkmen dili hökmünde bellige aldyrypdyr.

Aşgabatda ýerleşýän bir syýahatçylyk firmasynyň işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde Azerbaýjan we Ermenistan ýaly ýurtlaryň hem Türkmenistanda ýaşaýan etniki azerilere ýa-da etniki ermenilere medeni-ynsanperwer ulgamlarda käbir mümkinçilikleri hödürleýändiklerini aýdýar.

'Azerbaýjan we Ermenistan hem öz diasporalaryny goraýar'

"Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri yzygiderli görnüşde Balkan we Mary welaýatlarynda iş saparlarynda bolýarlar, her gezek ýerli etniki azeriler bilen görşüp durýarlar. Ilçihanada Azerbaýjanyň milli baýramçylyklaryna bagyşlanyp geçirilýän dabaralara ýerli azeriler hemişe çagyrylýar. Iň möhümi bolsa, olara Azerbaýjana gitmek üçin elektron wiza hiç hili meselesiz üç günüň içinde resmileşdirilip, elektron poçtalaryna iberilýär" diýip, syýahatçylyk firmasynyň işgäri aýdýar.

Ol Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň hem 1990-njy ýyllaryň başlaryndan bäri bu ýurtda ýaşaýan etniki ermenilere howandarlyk edýändigini; olara niýetläp, dil kurslaryny, dini okuwlary guramalaşdyrýandyklaryny; Aşgabat şäherinde, şeýle-de Mary we Balkan welaýatlarynda ýaşaýan etniki ermeniler bilen duşuşyklary geçirip durýandygyny gürrüň berdi.

"Olar Ermenistana hiç hili kynçylyksyz elektron wizalary resmileşdirip berýärler" diýip, paýtagtly ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklar Gazagystanyň hödürleýän Kandas maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystana göçüp barýar. Arhiw. 2021 ý.
Türkmenistanda ýaşaýan etniki gazaklar Gazagystanyň hödürleýän Kandas maksatnamasynyň çäklerinde Gazagystana göçüp barýar. Arhiw. 2021 ý.

Resmi sanlara görä, Türkmenistanda 26 müň çemesi azeri we 15 müň töweregi ermeni ýaşaýar.

Bu ýurtda ýaşaýan özbek azlyklarynyň wekilleri wiza meselesinde Eýranyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň hem operatiw hereket edýändigini, bir-iki günüň içinde hiç hili kynçylyksyz ýa-da çakylyksyz goňşy ýurda syýahatçylyk wizalaryny resmileşdirip berýändigini aýdýarlar.

2022-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilen uçdantutma ilat ýazuwynyň netijelerine görä, Türkmenistanda 11 müň töweregi etniki pars ýaşaýar. Olar esasan Ahal we Mary welaýatlarynda mesgen tutupdyrlar.

Etniki özbekler, hiç bolmanda, özleriniň kowçum bolup ýaşaýan sebitlerinde Daşoguz we Lebap welaýatlarynda özbek konsullyklarynyň açylmagyny haýyş edip, häkimiýetlere ýüzlenýärler.

Şol bir wagtda, olar bu meselede ne türkmen häkimiýetlerinden, ne-de özbek häkimiýetlerinden oňyn çözgüde garaşýandyklaryny mälim edýärler.

'Ynsanperwer goldawlar milli bähbitlere goşulmaly'

"Özbegistanyň Türkmenistanda ýaşaýan özbek we garagalpak azlyklaryna ýürekdeşlik ýardamlaryny bermegi özüniň milli bähbitleriniň hataryna goşmagy zerur bolup durýar" diýip, türkmenistanly özbek intelligensiýa wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmen we özbek hökümetleri, hususan-da, soňky on ýyla golaý wagtyň dowamynda iki ýurduň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilýändigini aýdyp gelýär. Türkmen we özbek dolandyryjy maşgalalary, media maglumatlaryna görä, bir-birek bilen mähirli gatnaşyk saklaýar.

Ýöne bu gatnaşyklar özbek we türkmen halklarynyň arasynda bar bolan päsgelçilikleriň aradan aýrylmagyny netije bermeýär.

"Özbek azlyklary özleriniň taryhy watanlaryna gidip gelmek üçin, her gezek diňe wiza meselelerini çözmäge niýetläp, 90 dollara çenli çykdajy etmeli bolýarlar" diýip, gelip çykyşy boýunça etniki özbeklerden bolan daşoguzly telekeçi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistandaky rus dilli bir mekdepde çagalar sapak geçýär. Illýustrasiýa. Arhiwden alyndy.
Türkmenistandaky rus dilli bir mekdepde çagalar sapak geçýär. Illýustrasiýa. Arhiwden alyndy.

Lebaply bir sungat işgäri, efirde adynyň Merýem diýip tutulmagyny soran kerkili bir zenan Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen aýrybaşga gürrüňdeşlikde, hususan-da, medeniýet we sungat pudagynda özbek diplomatlarynyň Türkmenistanda passiw hereket edýändigini aýdýar.

“Ine, birnäçe günden Özbegistanyň garaşsyzlyk baýramy ýetip gelýär, türkmenistanly etniki özbekler üçin hem bu möhüm baýram, ýöne näme üçindir Aşgabatdaky özbek ilçihanasy baýram dabarasy mynasybetli etniki özbekler we garagalpaklar üçin konsert ýa sungat gününi geçirenok. Hana, ýakynda Aşgabatda Russiýanyň baýdak baýramy mynasybetli "Ors öýünde" ors baýdagyny dabaraly galdyrdylar. Hiç hili sorag ýüze çykmady, türkmen resmileri kelam agyz söz diýmedi. Ýöne näme üçin öz gardaşlary üçin Özbegistanyň diplomatik wekilhanasy möhüm bolan sungat, medeniýet günlerini, sergileri geçirenok, türkmenistanly özbek dilli şahyrlar üçin goşgy bäsleşigini gurnanok” diýip, Merýem aýtdy.

'Türkmen režimi islänok diýip, öz kowumdaşyňy kösäp bolarmy?"

Ol hem özge ýurtlaryň, hatda Täjigistanyň hem türkmenistanly raýatlara hödürleýän elektron wizalaryna salgylanyp, näme sebäpden goňşy Özbegistanyň hem türkmenistanlylar üçin şeýle wizalary işe girizmeýändigini soraga çekdi.

Media maglumatlaryna görä, özbek we türkmen häkimiýetler Aşgabat – Daşkent aralygynda göni uçar gatnawlaryny ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşýar.

Ýöne iki ýurduň serhet ýaka sebitlerinde ýaşaýan ýaşaýjylar goňşularyň arasynda diňe bir uçar gatnawlarynyň däl, eýsem, awtobus we otly gatnawlarynyň hem ýola goýulmagyny talap edýärler.

“Häzir täze okuw ýylynyň bosagasynda durus. Ýerli özbekler eýýäm ençeme gezek özbek dilli klaslary açyň diýip türkmen hökümetine ýüzlendiler, emma Aşgabada gelip, sowgat-serpaýlar alyp giden özbek delegasiýasy bu meselede bize hiç hili hemaýat bermedi” diýip, Merýem aýdýar.

"Türkmen hökümeti bu ýakynda wiza meselesini ýeňletjege meňzänok. Ýöne türkmen režimi islänok diýip, öz kowumdaşlaryňy orta ýolda taşlap bolmaz-a?! 'Saňa daş atana sen aş at' diýipdir ata-babalarymyz” diýip, Merýem sözüni jemledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG