Eýran Türkmenistan bilen serhet bazaryny döretmegi meýilleşdirýär diýip, “Biznes Türkmenistan” Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuriniň sözlerine salgynayp habar berýär.
Nuri bu sözleri, “Mehr” habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen metbugat ýygnagynda aýdypdyr.
Iki ýurduň döwlet edaralary mart aýynda türkmen-eýran serhedinde söwda meýdançasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşjak iş toparynyň duşuşygyny geçirdiler.
Serhet söwda meýdançasynyň döredilmegi serhedara söwdanyň ösdürilmegine we iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary berkitmäge ýardam berer diýip, habarda bellenýär.