ABŞ-nyň Dini azatlyklar komissiýasy: Türkmenistan dini azatlygy bozmagyny dowam etdirýär

Türkmenistan esasan musulman ilatly dünýewi ýurt.

Türkmenistanda raýatlaryň dini azatlyklarynyň bozulmagy dowam edýär diýlip, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Dini azatlyklar komissiýasynyň (USCIRF) 26-njy awgustda ýaýradan ýyllyk hasabatynda Türkmenistany "aýratyn alada döredýän" ýurt hökmünde kesgitlemek teklip edilýär.

Hasabatda ABŞ-nyň Döwlet departamentine Türkmenistany "aýratyn alada döredýän" ýurtlaryň toparynda saklamak teklibi ýurtda dini ynançlaryň berjaý edilmeginiň yzygiderli, gödek we dowamly depelenmegi bilen delillendirýär.

"2024-nji ýylda Türkmenistanda dini azatlyk şertleri agyr boldy. Hökümet ähli dini hereketlere berk gözegçilik etdi we ylaýta-da yslam dinine uýýan we döwletiň düşünjesinden tapawutly görnüşde ynanjyny berjaý edýän musulmanlary nyşana aldy" diýlip hasabatda komissiýanyň parahatçylykly dini ynançlary üçin hökümet tarapyndan türmä basylan 10 türkmenistanly musulmanyň ykbalyna syn edýändigi bellendi.

Degişli maglumat MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär

Şeýle-de, ABŞ-nyň Halkara Dini azatlyklar boýunça komissiýasynyň hasabatynda Türkmenistanda kanunlaryň hem dini hereketleri çäklendirýändigi bellendi.

"Meselem, 2016-njy ýylyň Din hakyndaky kanuny hasaba alynmadyk dini hereketleri gadagan edýär we dini materiallary, bilimi we ybadatlary çäklendirýär. Mundan başga-da, 2015-nji ýylyň Ekstremizm hakyndaky kanuny “ekstremizmi” düşnüksiz kesgitleýär we “duşmançylygy öjükdirmek” ýaly sözleri ulanyp, häkimiýetlere parahatçylykly dini çäreleri esassyz yzarlamaga rugsat berýär" diýlip hasabatda aýdylýar.

Türkmenistanda hristianlara, esasanam protestantlara we Iýegowa şaýatlaryna azar berilmeginiň dowam etdirýändigi hem bellenýär.

Dünýäniň iň ýapyk ýurtlarynyň biri hasaplanýan Türkmenistanda din azatlyklarynyň şertlerine baha berýän hasabat ýurdaky şahsyýet kultunyň dine ýetirýän täsirini we hukuk bozulmalaryň korrupsiýa bilen arasyndaky baglanyşygy seljerýär.

ABŞ-nyň Halkara dini azatlyklar boýunça komissiýasy (USCIRF) ABŞ-nyň Kongresi tarapyndan döredilen daşary ýurtlarda dini azatlyklara gözegçilik etmek, derňemek we hasabat bermek boýunça garaşsyz, bitarap kanun çykaryjy edaradyr. Komissiýa dini yzarlamalaryň öňüni almak we din hem-de ynanç azatlygyny öňe sürmek üçin prezidente, Döwlet sekretaryna we Kongrese daşary syýasata degişli teklipleri berýär.

Hasabatyň 26-njy awgustda çap edilmegi Waşingtonda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Döwlet Departamentiniň resmileri bilen duşuşygynyň yzýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň we Türkmenistanyň arasynda 20-nji awgustda geçirlen ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerde biznes gatnaşyklary bilen bilelikde dini azatlyklar we zähmet haklary gozgaldy.

Türkmenistanda din azatlygy baş kanunda kepil geçilýän hem bolsa, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýyllarboýy dürli din wekillerine, şol sanda musulmanlara görkezilýän dürli gysyşlar barada habar berýärler. Soňky maglumatlara görä, şu günler metjitlerde çagalara dini sapak bermek gadagan edilipdir.

Degişli maglumat Haj zyýaratyna ugradyljak adamlar seljerilýär, korrupsiýa aladalary bildirilýär

27-nji awgustda Balkan welaýatyndan gowşan maglumatlara görä, MHM-niň wekilleri metjitlere aýlanyp, mollalara çagalara yslam dininden bilim bermezlik, gurhan okatmazlyk, olara arap alfawitini öwretmezlik hakda duýduruş berip, dil hatyny alýarlar.

"Güýç edaralaryň wekilleri metjitlere baryp, okap oturan çagalary kowýarlar we metjitleriň ymamlaryna gadagançylyk barada duýduryp, türme bilen haýbat atýarlar" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Türkmenistanda dini azyklaryň ýagdaýyna syn edýän "Forum-18" guramasynyň baş redaktory Feliks Korly raýatlaryň dini azatlyklaryny gödek bozup gelýän Türkmenistanda dinçilere görkezilýän basyşyň gowşamaýandygyny belledi.

"Dini ybadatlaryny diňe döwletiň rugsady bilen berjaý edip bolýar. Dini kitaplar senzura astynda. Hökümet internete gözegçilik edýär, bu, dini edebiýatyň onlaýn elýeterliligini çäklendirýär, mobil telefonlarda dini maglumatlary saklamak howply. Dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyranlar tussag edilýär. Hökümet musulmanlary hem yzarlaýar. Dinçiler bileleşip, dini ybadatlaryny berjaý etmek synanyşygy üçin uzak möhletli tussaglyga höküm edilýär" diýip Feliks Korly aýtdy.

Türkmenistanda dini azatlyklaryň ýagdaýyny onlarça ýyl bäri ünsden düşürmän gelýän guramanyň ýolbaşçysy ýurtda dinçilere görkezilýän basyşyň türkmen režiminiň tutuş jemgyýet babatyndaky syýasatynyň bir bölegi diýýär.

"Hökümet ýurtda hemme zada gözegçilik etmek isleýär, bu dini jemgyýetlere, media serişdelerine, biznes toparlaryna, syýasata, ýagny hemme zada degişli. Din berk döwlet gözegçiliginde galýar, musulmanlara içinden gözegçilik edilýär, beýleki toparlarda daşyndan gözegçilik alnyp barylýar. Gizlin gulluklar, hökümet agzalary dini toparlaryň işine goşulýar, aralaşýar, gözegçilik edýär we çäklendirýär. Olar adamlaryň näme edýändigini biljek bolýar. Hökümet dinçilerden gorkýar. Hökümet tutuş jemgyýetden gorkýar we adamlaryň bir ýere jemlenmegini özi üçin howp hasaplaýar hem-de munuň öňüni almaga synanyşýar" diýip, Feliks Korly Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Feliks Korly dini ynançlary sebäpli yzarlanan raýatlaryň ençemesiniň, şol sanda musulmanlaryň türmede gaýandygyny belläp, olaryň ykbaly uly aladalanma döredýär diýdi.

Degişli maglumat Türkmen haj zyýaratçylaryna Berdimuhamedowlaryň saglygyny dilemek tabşyrylýar

Hususan-da, ol çärjewli Bahram Saparowyň 10 ýyldan gowrak wagt bäri türmede galýandygyny we Myratdurdy Şamyradowyň tussaglykda ysmaz bolup, onuň saglyk ýagdaýynyň iňňän agyrdygyny aýtdy.

Feliks Korly dini ynançlary sebäpli harby gullukdan boýun gaçyran 16 sany Iýegowa şaýatlaryndan käbiriniň türmeden boşadylmagynyň oňyn ýagdaý bolandygyny belledi, emma geçen ýylyň aýagynda we şu ýylyň başynda ýene ikisiniň suda çekilip, jeza berlendigini ýatladyp, "munuň özi ýagdaýyň örän durnuksyzdygyny görkezýär" diýdi.

ABŞ-nyň Halkara Din azatlygy boýunça Komissiýasynyň ozalky hasabatlarynda hem Türkmenistan “aýratyn alada döredýän ýurt” hökmünde häsiýetlendirildi. Hasabatlarda Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýynyň gowulaşmaýanlygy, hökümetiň ähli garaşsyz dini işjeňliklere şübhe bilen garamagy we gözegçilik astynda saklamagy dowam etdirýändigi bellenipdi.

“Aýratyn alada döredýän” ýurtlaryň arsynda şu ýyl Hytaý, Kuba, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Russiýa we Täjigistan agzaldy.

Degişli maglumat MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.