Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanlylar Hollandiýada gazak syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi


Kymbat Abeýyli we Taskyn Kudaýbergen Gazagystanyň Hollandiýadaky ilçihanasynyň ýanynda nägilelik bildirdi.
Kymbat Abeýyli we Taskyn Kudaýbergen Gazagystanyň Hollandiýadaky ilçihanasynyň ýanynda nägilelik bildirdi.

Birnäçe gazagystanly 25-nji awgustda Amsterdamdaky gazak ilçihanasynyň golaýynda Gazagystandaky syýasy tussaglary, Marat Jylanbaýewi, Duman Muhhametkerimi, Aýgerim Telužany we beýlekileri türmeden boşatmagy talap edip, protest çäresini geçirdi. Bu habary Azatlygyň Gazak gullugy çap etdi.

Protestçileriň redaksiýa iberen wideosynda gazagystanly Kymbat Abeý, Erşat Toleýbaý, Serik Ažibaý we Taskyn Kudaýbergen dagy görkezilýär. Olar: "Ýurdumyzyň we topragymyzyň batyr ogul-gyzlary üçin azatlyk!" diýip gygyrýarlar.

Olaryň ýanyna gelen ilçihana wekili protestçilerden Gazagystanyň raýatlarydygyny ýa däldigini sorady. Olar "Hawa, gazak raýaty" diýip jogap berenlerinden soň, Gazagystanyň kanunlaryna görä, protestiň Gazagystanda däl-de, Ýewropada bolup geçýändigine garamazdan, şahsyýetlerini tassyklaýan resminamalary bilen birlikde, olaryň ýaşaýyş jaý salgysyny tassyklaýan resminamalarynyň hem bolmalydygyny aýtdy.

Protestçiler Gazagystanyň hökümetini tankytlap başlanda, ilçihananyň metbugat sekretary olara "ekstremist şygarlary" ýaýratmaly däldigini aýtdy.

"Eger biz raýatlyk pozisiýamyzy beýan etsek, ekstremist bolarysmy? Gazagystanyň köçelerine çykanlaryň hemmesine terrorist diýilýär! Emma biz gürlänimizde hakykaty aýdýarys. Halkyň sesini aýdýarys. Eýsem biz haçandyr bir wagt kimdir birine garşy elimizi galdyrdykmy ýa-da bikanun bir zat etdikmi?" diýip, protestçiler jogap berdiler.

Şeýle-de, olar Gazagystanda ýanwar aýynda geçirilen protestler mahalynda Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewiň köpçüligi duýduryş bermezden oka tutmagy buýrandygyny we, öz pikirlerine görä, Gazagystanda kanunyň hökmürowanlygynyň ýokdugyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG