ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýa "Ykdysady uruş" bilen ýüzbe-ýüz bolmak ähtimallygyny duýdurdy, Lawrowyň Zelenski bikanun diýmegini "bolgusyzlyk” atlandyrdy.
Donald Tramp öz ministrler kabinetiniň agzalary bilen duşuşygynda, eger-de Russiýa Federasiýasyna Ukraina garşy alyp barýan giň gerimli urşuny bes etmek başartmasa, Russiýa garşy "ykdysady uruş" haýbatyny atdy diýip, “Bloomberg” habar berýär.
“Bu jahan urşy bolmaz, ykdysady uruş bolar we ykdysady bolsa - bu erbet bolar. Bu Russiýa üçin erbet bolar we men muny islämok” diýip, Tramp Wladimir Putiniň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen ikitaraplaýyn gepleşiklere razylyk bermeginiň möhleti barmy diýen soraga jogap berende aýtdy.
ABŞ-nyň prezidenti, eger özüne muny etmek başartsa, "niýetiniň gaty çynlakaýdygyny" aýtdy we ýene bir gezek uruşda müňlerçe adamyň wepat bolýandygyny ýatlatdy.