Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Gynamalaryň öňüni almak baradaky Ýewropa konwensiýasyndan çykar


Rus hökümeti Gynamalaryň we adamkärçiliksiz ýa-da mertebe kemsidiji çemeleşmeleriň ýa-da jezalaryň öňüni almak baradaky Ýewropa konwensiýasyny ýazgarmagy teklip etdi.

Bu baradaky degişli karara premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi.

Resminamada Russiýanyň bu konwensiýadan we onuň bilen baglylykda kabul edilen protokollardan çekiljekdigi aýdylýar.

Russiýa 2022-nji ýylyň martynda, Ukraina garşy giň gerimli urşa başlamagy sebäpli, Ýewropa Geňeşinden çykaryldy.

Şeýle-de, RF şol ýylyň 16-njy sentýabryndan bäri Adam hukuklary boýunça Ýewropa konwensiýasyna gatnaşmagyny bes etdi we Ýewropa Adam hukuklary kazyýetiniň (ECHR) ygtyýarlyklaryndan çykdy.

Ýewropa Geňeşiniň gynamalara garşy komiteti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Gynamalaryň we adamkärçiliksiz ýa-da mertebe kemsidýän çemeleşmäniň ýa-da jezanyň öňüni almak baradaky Ýewropa konwensiýasynyň açyk konwensiýa bolandygyny, şu sebäpden Russiýa Federasiýasynyň onuň düzgünlerini berjaý etmegini 2022-nji ýylda Ýewropa Geňeşinden çykarylandan soň hem dowam etdirýändigini aýtdy.

Ýewropa Geňeşiniň gynamalara garşy komiteti Russiýanyň häkimiýetlerinden Alekseý Nawalnynyň ölümi ýaly käbir anyk wakalar barada maglumat sorady, ýöne öz soraglaryna hiç bir jogap alyp bilmedi.

XS
SM
MD
LG