Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kursk sebitiniň häkiminiň öňki orunbasary tussag edildi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Kursk sebitinde gubernatoryň orubasary wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiren Wladimir Bazarow tussag edildi diýip, sebit häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Aleksandr Hinşteýn habar berdi

Onuň sözlerine görä, Bazarowyň Belgorod sebitinde işlän ýeri bilen baglanyşykly derňew işleri alnyp barylýar. Bazarow, şol bir wagtda, häkimiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesini hem ýerine ýetirýärdi.

TASS onuň Belgorodyň eteginde gurlan berkitmelere harçlanmaly 1 milliard rubly ogurlamakda güman edilýändigini ýazýar.

"Men hiç hili baha bermekçi däl we muny edip hem bilmeýärin, sebäbi Belgorodyň ýagdaýyny bilemok. Men derňewiň hemme zady dogry-düzüw seljerjekdigine ynanýaryn. Eger-de ol günäkär bolsa, kanun öňünde doly jogap bermeli bolar. Kursk sebitiniň hökümeti, zerur bolan halatynda, derňew üçin gerek ähli zerur kömegi berer” diýip, Hinşteýin öňki hyzmatlaryň hiç biriniň eglişige ýol bermejekdigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG